Fransiýanyň prezidenti Bezosa Hormatly legion ordenini gowşurdy

  • 27.02.2023 18:35
  • 9.2k+

Fransiýanyň prezidenti Emmanýuel Makron 16-njy fewralda Ýeliseý köşgünde geçirilen şahsy dabarada Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosa ýurduň ýokary baýragy bolan Hormatly legion ordenini gowşurdy diýip, Bloomberg çeşmelere salgylanyp habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Agentligiň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, Bezos on ýyl mundan ozal şol wagtky prezident Nikolýa Sarkozi tarapyndan (ýurdy 2007-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda dolandyrdy) Hormatly legion ordeni bilen resmi taýdan sylaglanypdy, ýöne Bezosyň özi ony almandy.
Bezos – dünýäniň iň baý adamlarynyň biri. Ol Bloomberg Billionaire Index reýtinginde dördünji orny eýeleýär. Onuň öňünde Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, Louis Vuitton Moёt Hennessy-nyň ýolbaşçysy Bernar Arno we Adani Group-y esaslandyryjy Gautame Adani ýerleşýär. 2022-nji ýylda Forbes-iň reýtinginde Bezos ikinji orunda ýerleşýärdi, onuň baýlygy 171 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
2021-nji ýylda Amazon-yň baş müdiri wezipesinden çekilen Bezos 2020-nji ýylda durnukly ösüş we Bezos Earth gaznasy barada başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin Makron bilen duşuşdy.


25.06.2026 19:11
5.6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......