Pininfarina Battista elektrik awtoulagy iki sany dünýä rekordyny goýdy

  • 25.02.2023 11:32
  • 13k+

Kaşaň elektrokarlary öndüriji Automobili Pininfarina özüniň ilkinji  modeli — Battista giperkary bilen goýlan birnäçe täze rekordy yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde, hindi maýadarlary Mahindra & Mahindranyň pullary bilen döredilen italýan ulagy iň abraýly ady tehniki kärdeşinden aldy.

Ýaryşlar Hindistanda Natrax ýolunda geçirildi. Oňa tehniki üýtgetmeleri bolmadyk awtoulaglary goýdular. Adaty Michelin Pilot Sport Cup 2R tekerleri dakylan Battista çärýek mil aralygy 8,55 sekuntda geçdi. 8,582 sekunt bilen gazanylan öňki üstünlik giperkar Rimac Nevera degişlidi. Soňkynyň şuňa meňzeş dört hereketlendirijili 1900 at güýjünden ýokary güýji bar we hut Mate Rimasyň şereketi Battistanyň içki tehniki zatlaryny işläp taýýarlady. Battista 13.38 sekuntda ikiden bir mili  külterlemegi başardy, bu hem täze rekord boldy.
Mundan başga-da, kupe iki sany ýokary tizlikli rekord goýdy. Bu ýagdaýda model zakaz edilende elýeterli bolan Michelin Pilot Sport Cup 2 tekerleri ulanyldy. Autocar India-nyň redaktory Ormazd Sorabji elektrik awtoulagyny sagatda 358.03 km tizlige çykarmagy başardy we Battista-ny Hindistandaky ýaryşda iň çalt awtoulag etdi. Kärdeşi Renuka Kirpalani sagatda 357,1 km tizlik bilen iň ýyndam hindi zenan sürüjisi boldy.
Resminamalara görä, Pininfarina Battistanyň iň ýokary tizligi "sagatda 350 km". Şol bir wagtyň özünde  Rimac Nevera ondanam çalt: sagatda 412 km tizlige ýetip biler, bu bolsa elektrikli awtoulaglar üçin rekorddyr.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

12.05.2026 14:52
2.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...