Türkmenistanda deputatlyga dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy

  • 25.02.2023 08:27
  • 10k+

24-nji fewralda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw okruglarynda syýasy partiýalaryň komitetleriniň we raýatlar toparlarynyň dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleri geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar dalaşgärleriň zähmet ýoly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ösüşiniň geljekki ugurlary boýunça garaýyşlary bilen tanyşdylar we işewürlik, şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşyp, olaryň dalaşgärligini goldadylar.
28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak işi tamamlanandan soňra, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat işlerini, saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirmek, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylara hödürlenen dalaşgärler barada erkin we hemmetaraplaýyn pikir alyşmaga şert döredilýär. Bu bolsa olaryň her bir dalaşgäriň işewürlik we şahsy häsiýetleri bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik berer.
Saýlawçylar bilen duşuşyklaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri baradaky maglumat ýerli metbugat neşirlerinde çap ediler. Duşuşyklaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen doly tanşarlar.
Saýlawlar 26-njy martda geçiriler.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleriň geçirilişine milli synçylar we dürli halkara düzümleriň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçilik ederler. Häzirki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan synçylaryň 3 müňe golaýy bellige alyndy. Olara tassyklanan nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.
Ýerli synçylar üçin milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler, olaryň wezipe borçlary, saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşdyrýan okuw sapaklary geçirildi. Şeýle okuw sapaklary etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin hem guraldy.
Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......