Türkmenistanda Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy döredildi

  • 25.02.2023 08:21
  • 34k+

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugy bellenen tertipde «Türkmennebit» döwlet konserniniň göni garamagyna alnar we ol«Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy» diýlip atlandyrylar.

24-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
«Türkmennebit» döwlet konserni Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlar hem-de Ministrler Kabinetine berer.

Bellenilişi ýaly, bu resminama nebit önümleriniň saklanylyşyna we rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiliginiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......