Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi

  • 23.02.2023 14:20
  • 22k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny saklamak hem-de olara goldaw bermek işinde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän döwründe Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we parahatçylyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Natalýa Germana BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edip, ony Türkmenistanda hormatly myhman ýa-da BMG-niň resmi wekili hökmünde görmäge hemişe şatdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler döredilen pursadyndan bäri geçen döwürde sebit merkeziniň BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, halkara parahatçylyk gün tertibini ilerletmekde baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni görkezendigini bellediler.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......