Mbappe – taryhda Fransiýanyň çempionatynda 150 gol salan iň ýaş oýunçy

  • 21.02.2023 08:58
  • 13k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe taryhda Fransiýanyň çempionatynda 150 gol salmagy başaran iň ýaş oýunçy boldy. Bu barada Opta Sports telegram kanaly habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Mbappe 19-njy fewralda geçirilen Fransiýanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň “Lill” bilen oýnunda iki gol saldy. Bu hem oňa 24 ýyl we iki aý ýaşynda 150 gol belligine ýetmäge mümkinçilik berdi. Mundan öň rekord eýesi “Nissa” we “Reýms” klublarynyň öňki hüjümçisi Žýust Fontendi. Ol 1959-njy ýylda 26 ýyl we iki aý ýaşynda 150-nji goluny saldy.
Häzirki möwsümde Mbappe ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 28 oýunda 27 gol geçirip, alty netijeli geçirim etdi. Şeýle-de, öň hüjümçi Liga 1-de “Monako” üçin çykyş etdi.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......