Magtymguly adyndaky TDU-da ÝUNESKO kafedrasy işläp başlady

  • 18.02.2023 23:41
  • 7.8k+

Şu gün, 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasyna BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ugurdaş pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar.
Täze kafedrany döretmek bilen baglanyşykly, uniwersitetiň M.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti, Ýerewan döwlet uniwersiteti, Baku döwlet uniwersiteti, L.N.Gumilýow adyndaky milli Ýewraziýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde, bu iri bilim ojaklaryndan goldaw hatlary alyndy. Şeýle hatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginden, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinden we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyndan alyndy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet meseleleri boýunça Guramasynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy.
Ýokary okuw mekdebinde bu kafedranyň döredilmeginiň maksady umumadamzat tarapyndan döredilen medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, taryhy we medeni mirasy gorap saklamak, wagyz-nesihat etmek, kanuny-hukuk esaslaryny hem-de gerek bolan usuly serişdelerini kämilleşdirmek arkaly, ýaş ylmy-gözlegçileriň mümkinçiliklerini, olaryň ylmy-gözleg işlerini giňeltmek bilen ÝUNESKO, onuň kafedralary we UNITWIN torlary bilen degişli maksatnamalar we çäreler boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy saklamakdan ybaratdyr.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......