Ýaponiýada açyk howada uçýan awtomobilleriň ilkinji synaglary geçirildi

  • 19.02.2023 00:35
  • 23k+

Açyk howada dolandyrylýan uçýan awtomobilleriň ilkinji synaglary Kýusýu adasyndaky Oita şäherinde geçirildi. Bu barada uçuşy gurnan Masc kompaniýasynyň wekili TASS-yň habarçysyna habar berdi.

“Şu günki synag hiç hili hadysasyz geçdi we üstünlikli tamamlandy” – diýip, kompaniýada bellenilýär.

Iki adamlyk salony bolan kwadrokoptere meňzeş uçýan enjam synag wagty 30 m belentlige galyp, 3 minutda 431 m aralygy geçdi. Uçuşyň tizligi sagatda 36 km boldy.
Uçýan awtomobil dolandyrylýan enjam bolup durýar, ýöne uçuş synaglary awtodolandyryjynyň ulanylmagy bilen geçirildi, şonuň netijesinde enjam öňünden programmalaşdyrylan traýektoriýa boýunça uçdy.
Soňky döwürde Ýaponiýanyň uçýan awtoulag tehnologiýasyny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleri çaltlaşdyrýandygyny bellemek gerek. Bu ABŞ-nyň, Ýewropa Birleşiginiň we Hytaýyň kompaniýalary tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşykly bolup biler.


09.04.2025 14:08
3.3k+

Deňizde bir gijäniň dowamynda dargamaga ukyply plastik işlenip düzüldi

RIKEN atly ýapon ylmy-barlag institutynyň işgärleri deňiz suwunda doly dargaýan we yzynda mikro bölejikleri galdyrmaýan täze görnüşli plastigi işläp düzdüler. Plastika «supramolekulýar polimerlere» esaslanýar....

16.03.2025 22:02
4.8k+

Ýaponiýada 3D-printerde demir ýol stansiýasy çap ediler

Ýaponiyada dünýäde ilkinji 3D-printerde çap edilen demir ýol stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu taslamany «West Japan Railway» bilen binalary 3D çap etmek boýunça ýöriteleşen «Serendix Inc.» kompaniýasy bilelikde...

27.11.2024 09:51
16k+

Adam ýuwýan kir maşyn: Ýapon kompaniýasy täze tehnologiýa hödürledi

Science Co. kompaniýasy Mirai Ningen Sentakuki (terjime edilende "geljegiň adamlary ýuwýan kir maşyny" diýen manyny berýär) atly enjamyň nusgasyny döretdi, bu enjam adamy 15 minutda ýuwup hem guradyp bilýär. Enjam...

02.09.2024 23:12
4.8k+

Ýaponiýa taryhda iň güýçli superkompýuter döreder - Fugaku Next

Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministrligi (MEXT) “Fugaku” superkompýuteriniň mirasdüşerini döretmek meýilnamasyny yglan etdi diýip, Nikkei-e salgylanýan Hi-Tech habar berýär. Fugaku Next...