Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedrasy açylar

  • 17.02.2023 19:36
  • 33k+

Türkmenistanda birbada iki sany ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO-nyň kafedralary açylar. Bu barada degişli resminamalara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gol çekildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda geçirilen çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy.
Gol çekişlik dabarasyny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew açdy. Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary hanym Stefania Jannini we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.
Soňra Magtymguly adyndaky TDU-niň rektory B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň "Medeni miras: geçmişden geljege" kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow ÝUNESKO-nyň "Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi" kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.
117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......