Dubaý 2026-njy ýyla çenli uçýan taksileri işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 16.02.2023 12:42
  • 31k+

BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň emiri Mohammed bin Raşid Al Maktum uçýan taksileri işläp düzmek maksatnamasynyň täzeden dikeldilýändigini mälim etdi diýip, incrussia.ru habar berýär.

Emirligiň hökümeti taksileri 2026-njy ýyla çenli işe girizmegi wada berdi. Geljekde taslamanyň awtorlary taksileriň doly derejede sürüjisiz bolup biljekdigini belleýärler.
Uçýan EV-taksiniň prototipi 2022-nji ýylda Günorta Koreýada uçýan taksileriň işe girizilýändigini anons eden Joby Aviation amerikan kompaniýasy tarapyndan hödürlener. Prototip akkumulýatoryň bir zarýady bilen sagatda 320 km tizlikde 240 km-den gowrak ýoly uçup geçip bilýär. Emirligiň Ýol we transport edarasy resmi şertnama heniz gol çekilmändigini belleýär.
Joby Aviation tarapyndan işlenip düzülen taksi 13-nji fewralda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde görkezildi. Dubaýyň emiri Twitter akkauntynda elektromobiliň mahabatyny ýerleşdirdi.
Dubaý dört sany vertiports nokadyny ýa-da aerowokzaly döretmegi meýilleşdirýär: howa menzilinde, şäher merkezinde, emeli Palma adasynda we Marina sebitinde. Her bir vertiport iki gonuş meýdançasyna we EV-taksi üçin zarýad beriji stansiýa eýe bolar.
Bahalar adaty taksilerden has gymmat bolmaly däl. Dubaýda taksi bilen gatnawyň iň pes bahasy, takmynan, 3,25 dollar, ýoluň her kilometri üçin bolsa 0,5 dollar alynýar. Deslapky hasaba görä, uçýan taksiler üçin bahalar adaty bilen deňeşdirilende 30% gymmat bolar.


10.02.2026 08:30
2.7k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir...

29.09.2024 15:46
5.3k+

Emeli aň arheologlara çölde gadymy obýektleri gözlemäge kömek edýär

Abu-Dabiniň Halifa uniwersitetiniň arheologlary emeli aňyň kömegi bilen çölde arheologiki obýektleri gözlemegiň täze usulyny tapdylar. Bu usul hemra suratlaryny seljermek üçin sintetiki apertura radaryny (SAR)...

23.06.2023 15:54
30k+

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmak isleýär. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow öz Telegram kanalynda ýazypdyr diýip, Trend habar berýär. Onuň sözlerine...

28.03.2023 23:13
9.4k+

BAE bilim ulgamyna ChatGPT-ni ornaşdyrmakçy bolýar

The National-yň hasabatyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümet ýolbaşçylary iň uly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda tutuş ýurtda ChatGPT çat-botuna esaslanýan onlaýn-mugallymlary işe girizmegi...