OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

  • 10.02.2026 08:30
  • 2.8k+

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir.
Ulgamyň esasy sargytçysy we ulanyjysy hökmünde BAE-niň hökümeti çykyş eder. Ýurduň häkimiýetleri çat-botuň işlemeginiň monarhiýanyň resmi syýasy ugruna laýyk geljekdigine umyt edýärler. Taslamanyň gidişine BAE-niň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi şeýh Tahnun ben Zaid Al Nahaýýanyň ýolbaşçylyk edýän G42 holdingi gözegçilik edýär.
Ýerli önümiň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, işläp düzüji ýurduň çäginde ChatGPT-niň ählumumy nusgasyna elýeterliligi hem saklap galar. Onuň funksionallygy diňe soralýan mazmun Emirlikleriň hukuk kadalary tarapyndan gönüden-göni gadagan edilen ýagdaýlarynda çäklendiriler. Şeýle ýagdaýlarda ulgam ulanyjylara soragy ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi barada habar berer.
Generatiw modelleri ýerli kanunyýet talaplaryna uýgunlaşdyrmak, olaryň işiniň anyk däl gurluşy sebäpli ýüze çykýan tehniki kynçylyklar bilen baglydyr. Häzirki wagtda taraplar ylalaşygyň ahyrky nokatlaryny goýmagyň üstünde işleýärler. 


düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
618

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....