Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

  • 23.06.2023 15:54
  • 30k+

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmak isleýär. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow öz Telegram kanalynda ýazypdyr diýip, Trend habar berýär.

Onuň sözlerine görä, özbek wekiliýeti BAE saparynyň dowamynda Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň prezidenti, BAE-niň Milli Meteorologiýa Merkeziniň Baş müdiri Abdulla Al Mandus bilen duşuşdy.

"BAE-de, bulut ekişini hem öz içine almak bilen, ösen tehnologiýalar we täze usulyýetler barada maglumat aldyk we Özbegistanda, esasanam Aralyň eteginde, bu  tejribäni durmuşa ornaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdyk" – diýip, ol ýazdy.

Şeýle hem, Saidow BAE-niň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw ministri Mariam Almheýri bilen duşuşdy.

"Biz suw ýetmezçiligi, suwy süýjetmek, biodürlüligi goramak, tokaý döretmek, şeýle hem Özbegistanda bu sebitlerinde BAE-niň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmakda tagallalarymyzy  birleşdirmeklige aýratyn üns berdik" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......