Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi geçirilýär

  • 16.02.2023 08:26
  • 8.8k+

15-nji fewralda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady.

Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar.
Köptaraply iri serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazananlary ulanýan EYR-nyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzüp, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide keramiki kafelleri, otaglaryň diwarlaryny hem-de ýeri örtmäge niýetlenen önümleri öndüriji «Firoozeh Tile Co.» kompaniýasy, polietilen we polistirol öndürýän «Mazeroon foam knowledge-based Ghaem Co.» kompaniýasy önümlerini ilkinji gezek görkezdiler. «Palmiran Co.» kompaniýasynyň diwarlygy hem Türkmenistandaky bu çärä ilkinji gezek gatnaşyp, türkmen paýtagtyndaky sergide bu ýere gelenleri önümleriniň köpdürlüligi bilen haýran galdyrdy.
Sergi meýdançasynyň bir bölegini gurluşyk senagatynda, ýyladyjy we sowadyjy ulgamlar üçin senagat enjamlarynyň önümçiliginde, guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynda, azyk pudagynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň kärhanalarynda işleýän iri firmalar eýeleýär. Köp sanly bölümlerde nebitgaz, elektroenergetika, ýol-ulag pudaklary, himiýa senagaty, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň hem-de tehnikalaryň nusgalary, şekil taslamalary ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda «Jam Petrochemical Company», «Kimiagaran Emrooz Chemical Industries Co.», «Persian Gulf Petrochemical Industry Commercial Co.» we beýlekiler bar.
Eýranyň «Iran Khodro», şeýle hem «Tavan Energy Resources Development» konsorsiumynyň iri öndürijileri awtomobil gurluşygy ulgamynyň kuwwatlyklaryny görkezýärler. «Adrian Shimi Arvand Co.», «Aria Baron», «Arman Sazeh Alamot», «Azar Rokesh» kompaniýalarynyň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Olarda bezeg, gurluşyk serişdeleri, dürli beýleki önümler görkezildi.


Sergä gelýänler Eýranyň dokma önümleri we azyk harytlary bilen hem tanşyp bilerler. Hil we ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlaryň hem-de önümleriň köpüsi türkmen bazarynda ýokary öndürijiligi, tygşytlylygy, giň görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Tok paýlaýjylary, yşyklandyryjylary, elektrik enjamlary öndürýän «Bafeh Sim Golestan», «Hesam Sanat Shargh» kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.
«Razavi Hospital» kompaniýasy lukmançylyk ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýär. «Goldaneh Sahra», «Kianshargh» kompaniýalarynyň sergi bölümleri bu ýere gelýän myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar guşlar we mallar üçin iým önümçiligi bilen meşgullanýarlar.
Şeýle hem sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandyny goşýan “Saderat Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.
Serginiň işi üç günläp dowam eder.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....