Tesla-nyň işgärleri kompaniýanyň taryhynda ilkinji iş taşlaýyş geçirmegi meýilleşdirýärler

  • 15.02.2023 13:08
  • 20k+

Amerikanyň Tesla elektrik awtoulagyny öndürýän kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek aýlyk haklarynyň galdyrylmagyny talap edip, iş taşlaýyş guramagy meýilleşdirýärler. Bu barada sişenbe güni Bloomberg habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherindäki zawodyň işgärleri, soň iş taşlaýyş geçirmek üçin, kärdeşler arkalaşygyna birikmek kampaniýasyna başladylar. Agentligiň belleýşi ýaly, Tesla-nyň ýolbaşçylygy ozal ABŞ-daky zawodlarynda kärdeşler arkalaşyklarynyň döredilmegine üstünlikli garşy durup gelýärdiler.
Işgärler aýlyk haklarynyň galdyrylmagyny hem-de öz aýdyşlaryna görä, saglyga zyýan ýetirýän iş ýüküni ýeňletmegi talap edýärler. Kärdeşler arkalaşygynyň guramaçylyk komitetiniň wekili Al Çelli: "Adamlar özlerine robot ýaly garalmagyndan ýadady" - diýdi. Işçileriň aýtmagyna görä, Tesla-nyň ýolbaşçylary hatda, işgärleriň näçe wagt sarp edýändiklerini kesgitlemek üçin, kompýuteriň düwmelerine gözegçilik edýärler.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......