Türkmenistanlylar Türkiýede ýertitremeden ejir çekenlere kömek topladylar

  • 14.02.2023 21:16
  • 68k+

Türkmenistanyň raýatlary geçen hepdede Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýertitremesinden ejir çekenlere ynsanperwer kömegini toplamak boýunça çärä gatnaşdylar

Düýn TmCars Aşgabatda ýerleşýän Türkiýäniň wiza merkeziniň türk döwletinde bolup geçen weýrançylykly ýertitremesinden ejir çekenlere kömek hökmünde 14-nji fewralda ýorganlary (odeýallary) kabul etjekdigini habar beripdik. Şu gün bu çäre ýokary işjeňlik bilen geçdi. Kyn günde Türkiýäniň doganlyk halkyna kömek etmek üçin ýüzlerçe türkmenistanly 14-nji fewralda Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezine geldi.

Ynsanperwer kömegini toplamak boýunça bu ýere adamlar tutuş maşgalalary bilen geldiler. Çagalar ene-atalaryna ýörite gaplanan täze ýyly ýorganlary (odeýallary) göterişmäge kömekleşdiler. Bu ýorganlar ýertitremeden soň, öýsüz galan türk çagalaryna ýylanmaga kömek eder.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral ýygnananlara beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýyly ýorganlar häzirki wagtda has-da zerur, çünki ýertitremäniň bolan ýerlerinde häzir aşa sowuk howa höküm sürýär. Ol ýakyn wagtda Türkmenistanda ynsanperwer kömegini toplamak boýunça başga-da çäreleriň geçiriljekdigini habar berdi.
Belläp geçsek, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýertitremesi netijesinde aradan çykanlaryň sany Türkiýede 31,6 müň adamdan, Siriýada 5,7 müň adamdan geçdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......