Aşgabatda Türkiýedäki ýertitremeden ejir çekenlere kömek hökmünde ýorganlar kabul edýär

  • 13.02.2023 17:27
  • 75k+

Aşgabatda ýerleşýän Türkiýäniň wiza merkezi türk döwletinde ýakynda bolup geçen weýrançylykly ýertitremesinden ejir çekenlere kömek hökmünde 14-nji fewralda ýorganlary (odeýallary) kabul eder. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitter hasabynda habar berdi.

«14-nji fewralda söýgülileriňiziň kalbyny ýer titremeden ejir çekenlere iberen odeýalyňyz bilen ýyladyň» — diýlip habarda aýdylýar.

Türkiýä ugratmak üçin diňe täze, ulanylmadyk hem-de daşy gaplanan gyş ýorganlarynyň (odeýallaryň) kabul edilýändigini ýatladýarys.
Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezi G.Kuliýew köçesiniň (Obýezdnoý) 88-nji jaýynda, «Nowruz haly» binasynda ýerleşýär.
Ýorganlar (odeýallar) 13:00-dan 17:00 aralygynda kabul edilýär.

Şeýle hem Türkiýe döwletinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi sebäpli maddy taýdan kömek etmek isleýänler üçin Türkmenistanda ýörite bank hasabynyň açylandygyny ýatladýarys.
Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasy tarapyndan açylan Türkmen-Türk Täjirçilik bankyndaky bank hasaplaryny dykgatyňyza ýetirýäris.


T.C. AŞKABAT BÜYÜKELÇİLİĞİ – DEPREM YARDIM HESABI
TÜRKMEN TÜRK TİCARET BANKASI
ABD Doları Hesabı : 23203840273172101909000


T.C. İÇİŞLERİ BAKANLIĞI AFET VE ACİL DURUM YÖNETİMİ BAŞKANLIĞI (AFAD)
T.C. ZİRAAT BANKASI A.Ş.
ANKARA KAMU KURUMSAL ŞUBESİ
TL: TR73 0001 0017 4555 5555 5552 04
ABD Doları : TR 46 0001 0017 4555 5555 5552 05
EURO : TR 19 0001 0017 4555 5555 5552 06
SWIFT : TCZBTR2A


TÜRK KIZILAY DERNEĞİ
T.C. ZİRAAT BANKASI
ÇUKURAMBAR/ANKARA KURUMSAL ŞUBESİ
TL : TR48 0001 0021 1000 0028 6852 54
ABD Doları : TR21 0001 0021 1000 0028 6852 55
EURO : TR91 0001 0021 1000 0028 6852 56
SWIFT : TCZBTR2A

Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýertitremäniň netijesinde aradan çykanlaryň sany 31 müň 643 adama ýetdi. Bu barada Türkiýäniň Hökümetiniň ýanyndaky Tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirlik (AFAD) habar berdi.


22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......