Kia Rio hetçbeginiň Ýewropadaky satuwyny bes eder

  • 13.02.2023 13:20
  • 5.6k+

«Kia» kompaniýasy Rio modeliniň Ýewropa ýurtlarynyň we Angliýanyň bazarlary üçin önümçiligini we satuwyny bes eder. Bu barada Autocar ýazýar. Neşiriň çeşmeleri kompaniýanyň bu kararyny belli bir modele, şeýle-de, umuman, B segmentine bolan islegiň azalmagy bilen baglanyşdyrýar. Ýewropada Kia-nyň Rio modeliniň gönüden-göni ornuny tutjak başga model bolmaz.

2022-nji ýylda ýewropaly alyjylar Rio-den 32,5 müň nusga satyn aldylar, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 9% azdyr. Modeliň gönüden-göni bäsdeşlerinden biri bolan Opel Corsa hetçbekinden şol döwürde 164 müňden gowrak nusga satyldy.
Beýik Britaniýada 2021-nji ýylda satyn alnan 90 müňden gowrak Kia awtoulagynyň diňe Rio-nyň paýyna düşeni bary-ýogy 3800 birlik boldy. Kompaniýanyň Koreýadaky zawodynda Rio-nyň Ýewropa görnüşiniň önümçiliginiň haçan togtadyljakdygy entek belli däl, ýöne neşir yklyma täze awtoulaglaryň importynyň eýýäm togtadylandygyny we sargytlaryň bes edilendigini çaklaýar.
Hatardaky boş ýeri şol bir platforma esaslanýan kiçijik krossower Kia Stonic eýelär.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....