Lexus iň ygtybarly awtomobilleriň täzelenen reýtinginiň başyny çekdi

  • 11.02.2023 15:20
  • 26k+

Iň ygtybarly awtoulaglary bolan markalaryň täze sanawynda Lexus brendi birinji orna çykdy, Kia köpçülikleýin model öndürijileriniň arasynda öňdebaryjylygyny saklady. Bu J.D. Power tarapyndan neşir edilen barlag netijelerinden gelip çykýar. Muňa ugurdaşlykda seljerijiler awtoulag pudagynyň umumy hiliniň ýokarlanandygyna garamazdan, köpçülikleýin  we premial markalaryň arasyndaky ygtybarlylyk aratapawudynyň iň ýokary derejä ýetendigini bellediler.

Bu agentlik sanawy 9 bölüme jemlenen 184 kategoriýa boýunça üç ýaşa çenli awtoulaglaryň eýeleri bilen geçirilen pikir soraşmalaryň esasynda düzýär. Ulanyjylar näsazlyklar baradaky sowallara jogap berýärler, mysal üçin, güýç gurluşlarynda, media ulgamlarynda, şassi we ş.m. Netijede, belli bir modeliň 100 ulagyndaky näsazlygyň ortaça sany netijäni emele getirýär.
Bu ýyl 100 awtoulagda 133 näsazlyk bilen umumy ýeňiji Lexus brendi boldy. Şeýle hem, ol premial markalaryň sanawynda hem birinji ýeri eýeledi. Bu segmentiň ilkinji üçlüginde Genesis (144) we Cadillac (173) bar. 186 kemçilikden ýokary diňe BMW premial brendi 184 bal bilen pudagyň ortaça derejesinden ýokary boldy.
Iň ygtybarly köpçülikleýin öndürilen awtoulaglaryň ilkinji bäş öndürijisi Kia (152 bal), Buik (159), Chevrolet (162), Mitsubishi (167) we Toyota (168) boldy. Kia J.D. Power-iň bu sanawynda üç ýyl bäri öňdeligi bermän gelýär. Posche bilen Mersedes-Benz ýaly premial brendler, esasan, sanawyň aşagyndady, ondan soň Audi (252), Lincoln (259) we Land Rover (273) gelýär. Ýylyň dowamynda bahasy 77 bal ýokarlanan Ramda awtoulaglaryň hili babatynda yhlasly işlenipdir, emma häzirlikçe marka umumy sanawda 17-nji orny eýeledi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......