Serdar Berdimuhamedow: «Mugallymlaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek»

  • 10.02.2023 21:35
  • 66k+

10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy

Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek tabşyryldy.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Mugallymçylyk hünäriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin, olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek.
Şeýle hem daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň bizde zerur bolan bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......