Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 08.02.2023 09:38
  • 19k+

7-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň işjeňleşýändigi bellenildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ähli ugurlary boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......