Serdar Berdimuhamedow Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça işler bilen tanyşdy

  • 08.02.2023 01:43
  • 75k+

7-nji fewralda Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny synlady.

Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatyň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde sowuk howa akymynyň aralaşmagy bilen baglylykda, derýada kadaly suw akymyny almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işde kuwwatly tehnikalar netijeli işledilýär. Bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreler we amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň obasenagatynyň sazlaşykly ösüşini, şunuň bilen baglylykda, pagtadan, bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasylyň  alynmagyny şertlendirýär. 
Ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmekde Garagum derýasynyň ähmiýeti örän uludyr. Şunda welaýatyň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek, meliorasiýanyň döwrebap we häzirki zaman usullaryny ulanmak, gidrotehniki desgalaryň işini kämilleşdirmek, suw akymynyň kadaly bolmagyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

 


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......