Peugeot 208 2022-nji ýylda Ýewropada iň köp satylan awtoulag boldy

  • 07.02.2023 12:37
  • 11k+

2022-nji ýylda Ýewropada iň köp satylan awtoulag Peugeot 208 boldy. Ondan öň Volkswagen Golf 14 ýyl bäri iň ýokary orny eýeläp gelýärdi. JATO Dynamics-iň san hasabatyna görä, ol geçen ýyl bäşinji ýere düşdi.

Ýylyň dowamynda ýewropalylar 206 816 sany fransuz hetçbegini satyn aldylar. Bu 2021-nji ýyldakydan bäş göterim köp. Ikinji ýerde býujet Dacia Sandero durýar: 200 550 awtoulag we bir göterim ösüş. Volkswagen T-Roc krossoweri 181 153 ulag bilen üçünji boldy (ýylyň dowamynda üç göterim peseldi).

Öňdäki onluga Fiat 500 (179 863 birlik, üç göterim ýokarlandy), Volkswagen Golf (177 203 birlik, minus 14 göterim), Toyota Ýaris (175 713 birlik, minus dört göterim), Opel / Vauxhall Corsa (164 358 birlik, minus dokuz göterim), Hyundai Tucson (150 803 birlik, goşmaça bir göterim), Dacia Duster (149 648 birlik, iki göterim ýokarlandy) we Renault Clio (143 561 birlik, minus 27 göterim).

Fiat 500 birbada bäş orun, Volkswagen T-Roc üç orun ýokary galdy. Citroen C3 we Peugeot 2008 ilkinji onluga girdi. Renault Clio alty ýeri ýitirdi, ýöne onlukda galdy. Hyundai Tucson we Dacia Duster onluga täze geldiler.

 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......