Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň we Siriýanyň Prezidentlerine ýer titreme zerarly gynanç bildirdi

  • 07.02.2023 01:10
  • 50k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde, Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Türkiýäniň Hökümetiniň ýanynda Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanlaryna garşy göreşmek boýunça müdirligiň maglumatlaryna görä, Türkiýäniň günorta-gündogarynda bir günde 7 baldan ýokary magnitudaly iki sany ýer titreme bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, Türkiýäniň on sany welaýatynda 1600-den gowrak adam aradan çykdy, 11,1 müň adam şikes aldy.
Siriýada güýçli ýer titremäniň pidalarynyň sany 1 müňden geçdi.
Güýçli titremeler Idlib, Hama, Aleppo, Latakýe, Tartus we Rakka şäherlerinde ýumrulmalara getirdi.


20.06.2026 14:57
6.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....