Azat Jepbarow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň metbugat sekretary wezipesini ýerine ýetirer

  • 05.02.2023 12:26
  • 26k+

«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesi ýüklenildi. Bu barada 4-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerine iş saparynyň barşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Azat Jepbarowa bu işleri  alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň özüniň internet-saýtynyň döredilmelidigi bellenildi. Onda Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretaryna bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......