Serdar Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyny we orunbasarlaryny täzeledi

  • 03.02.2023 22:11
  • 29k+

G.Ussanepesow başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Degişli Permana Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Mejlisinde gol çekdi.

Döwlet Baştutany B.Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, onuň işde gazanan tejribesini göz öňünde tutup, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi.
Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary M.Söýünow hem-de Ö.Muhammedow wezipelerinden boşadyldy.
Serdar Berdimuhamedow T.Hudaýnazarowy hem-de G.Hudaýberdiýewi Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary wezipesine belledi.
T.Hudaýnazarow öň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinde, G.Hudaýberdiýew bolsa Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......