Volvo elektrik sportkary döreder

  • 03.02.2023 11:54
  • 8.7k+

Volvo brendiň model hataryna belli bir derejede özboluşlylyk goşjak batareýa bilen işleýän sportkar döretmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň müdiri Býorn Annwallyň aýtmagyna görä, täze flagman awtomobil öndüriji üçin örän möhümdir diýip, autonews.ru belleýär.

Heniz 2021-nji ýylda Volvo P1800 Cyan awtomobilini hödürledi. Awtomobiliň kuzowy 1961-nji ýylyň meşhur P1800 kupesiniň stilinde döredildi. Elbetde, dikeldilip, kämilleşdirilen sportkaryň tehniki bölegi doly derejede özboluşlydy. Mysal üçin, iki litrlik 420 at güýji bolan turbo hereketlendirijisi Cyan Racing zawod topary tarapyndan işlenip düzülen Volvo S60 TC1 ýaryş sedanyndan alyndy. Güýç enjamy Holinger-iň bäş basgançakly mehaniki herekete getiriji gutusy bilen birleşdirildi.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Volvo üçin esasy ugur kompaniýanyň esasy girdejisini emele getirýän krossowerlerdir. Awtoöndüriji täsirli we ekzotik ulaglary döretmekden ýüz öwürmeýär, ýöne häzir esasy üns diňe has girdejili modellere gönükdirilýär. Ýöne eger täze sportkaryň üstünde, hakykatdanam, işlenip başlansa, güýç gurluşynyň elektrik boljakdygyny bellemek gerek. Hiç hili içerki ýangyç hereketlendirijilerini hatda batareýalar üçin generator hökmünde-de ulanmak meýilleşdirilmeýär.
Ýatlap geçsek, brendiň soňky kupesi 2006-njy ýyldan 2013-nji ýyllar aralygynda çykarylan ikinji nesil Volvo C70 bolupdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......