Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň I tapgyry badalga aldy

  • 02.02.2023 17:34
  • 19k+

Şu gün, 2-nji fewralda Aşgabatda we ähli welaýatlarda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň I tapgyry badalga aldy.

Birinji tapgyra gatnaşan okuwçylara zehinlerini açyp görkezmekleri üçin Zehin soraglary (IQ test) berildi. Zehin soragynyň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi. Şeýle hem olimpiadanyň başynda zehin soraglarynyň çözüliş usullary gaýtadan düşündirildi.


Öň habar berşimiz ýaly, olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildiren 30 müňe golaý mekdep okuwçylary hasaba alyndy.
Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin okuwçylaryň sanynyň köp bolandygyna garamazdan ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Okuwçylaryň her haýsysyna aýratynlykda kodlar berlip, bäsleşigiň adalatly geçirilmegi üpjün edildi. Hasaba duran okuwçylaryň sanyna laýyklykda sorag kagyzlary bukja salnyp möhürlendi. Olimpiada tamamlanandan soň hem okuwçylaryň jogaplary bukja salnyp, mekdebiň möhüri bilen möhürlenip guramaçylyk toparyna ugradyldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......