Forbes: Afrikanyň iň baý adamlarynyň umumy baýlygyny 81,5 milliard dollar

  • 01.02.2023 10:21
  • 15k+

2022-nji ýylyň jemi boýunça Afrikanyň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy 81,5 milliard dollar bolup, ýylyň dowamynda 3,1 milliard dollar azaldy. Reýtinge Afrikanyň 54 döwletiniň diňe ýedisine wekilçilik edýän 19 adam girdi diýip, Forbes habar berýär.

Yklymda iň uly Dangote Cement sement öndürijisiniň eýesi Aliko Dangote 13,5 milliard dollar baýlygy bilen yzly-yzyna 12-nji gezek Afrikanyň iň baý adamy boldy. Bir ýylyň dowamynda onuň baýlygy 400 million dollar azaldy.
Sanawda ikinji orunda Cartier, Montblanc we Chloe brendleriniň eýesi, Şweýsariýanyň Compagnie Financiere Richemont kompaniýasynyň başlygy Ýohan Rupert durýar. Onuň baýlygy 10,7 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
Sanawda üçünji ýerde 8,4 milliard dollar bilen, göwher gazyp alýan DeBeers kompaniýasynyň mirasdüşeri Nikki Oppengeýmer durýar.
Neşiriň wersiýasy boýunça dördünji orny nigeriýaly milliarder we haýyr-sahawatçy Abdul Samad Rabiu (7,6 milliard dollar), bäşinji orny müsürli telekeçi Nassef Sawiris (7,3 milliard dollar) eýeleýär.


16.12.2025 19:42
8.7k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...