Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi

  • 28.01.2023 17:20
  • 10k+

Şu gün, 28-nji ýanwarda Aşgabadyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar diýip, turkmentv.gov.tm saýty habar berýär.

Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.


Şeýle-de gurultaýyň dowamynda guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....