Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona gutlag iberdi

  • 27.01.2023 08:20
  • 10k+

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow hatynda: “Geçen ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygymyz işjeň ösdürildi we häzirki wagtda-da yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy hem-de berk hukuk binýady döredildi, hökümetara, pudagara derejedäki aragatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy depginli ösdürilýär, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär” diýip belledi.
Döwlet Baştutany mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny nygtap, taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erkine esaslanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara dialogyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......