Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň töwereklerine iş saparyny amala aşyrdy

  • 25.01.2023 23:59
  • 39k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda suwuň ähmiýeti we Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalarynyň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrliginde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle hem «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň ýolbaşçysy A.Tislenko hem-de «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň baş direktory W.Petruk, başga-da birnäçe wekiller boldular.    
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suwaryşyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak, meselelerine zerur üns berilýändigini belledi.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygyny ynanylan «Altkom»  jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň ýolbaşçysy häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bolsa ýurdumyzda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýiş derejesi barada maglumat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow gyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda Garagum derýasynyň we beýleki akabalarynyň kä ýerlerinde buz gatlaklarynyň emele gelendigini belläp, derýalaryň kenarlaryny berkitmek, kadaly suw akymlaryny üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......