Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy

  • 25.01.2023 23:56
  • 28k+

Şu gün, 25-nji ýanwarda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler.
Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär we onuň gurluşygyna  bildirilýän talaplar  doly berjaý edilýär.
Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Onuň otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler arkaly enjamlaşdyryldy hem-de IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi.
Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Öýüň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Onuň aşhanasynda durmuş tehnikasy, ykjam mebel oturdyldy. Jaýyň hojalyk desgalary bar.
Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar.
Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.
Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 24-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda açylypdy.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2.1k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......