Serdar Berdimuhamedow Çoganlyda harby gullukçylar üçin täze kottej jaýlaryny açdy

  • 25.03.2022 09:37
  • 36k+

24-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.

Soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.

IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.

Täze jaýa göçüp gelmek bagtyna mynasyp bolan IIM-niň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sürüjisi Ýazmyrat Çüliýew Prezident Serdar Berdimuhamedowdan öz öýüne hormatly myhman hökmünde gelmegini haýyş etdi. Döwlet Baştutany öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlaýar we otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Serdar Berdimuhamedow täze öýe göçüp baranlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mähirli hoşlaşdy.

Soňra döwlet Baştutany ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady. 


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......