FlyDubai üç ýyla golaý arakesmeden soň, Aşgabada awiagatnawlaryny dikeltdi

  • 25.01.2023 03:36
  • 27k+

FlyDubai awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy zerarly Türkmenistana gatnawlaryny togtadanyndan üç ýyla golaý wagtdan soň, Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy.

Awiagatnadyjynyň uçary 23-nji ýanwarda 23:55-de Dubaýdan uçup, 24-nji ýanwarda 03:25-de Aşgadabyň Halkara howa menzilinde gondy. Türkmen paýtagtyndan 04:35-de yzyna uçup, 06:30-da Dubaýyň Halkara howa menziline bardy.
FlyDubai awiakompaniýasy her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri Aşgabada, sişenbe we anna günleri bolsa Dubaýa gatnawlary ýerine ýetirer.
Awiakompaniýanyň resmi saýtynda Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ekonom-klasyň awiapeteginiň bahasy 328,40 dollar, yzyna gaýdyş petegi – 331,90 dollar (2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä).
Aşgabatda petekleri awiakompaniýanyň edarasyndan satyn alyp bolýar.
Salgysy: Seýitnazar Seýdi köçesi, 19/1 jaý (Atamyrat seýilgähi).
Goşmaça maglumat almak üçin: 92-01-66.


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......