Türkmen halkynyň Milli Lideri nähili hukuklara eýe?

  • 22.01.2023 20:22
  • 62k+

«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.

Konstitusion Kanunyna laýyklykda, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şulara hemişelik hukugy bardyr:

  • Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlygynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmäge, döwlet edaralaryna, şeýle hem wezipeli adamlara degişliligi boýunça seredilmegi hökmany bolan başlangyçlar bilen çykyş etmäge;
  • Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meselelere garalanda, kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşylanda çykyş etmäge;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan ösdürmegiň ugurlaryna degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende, möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaga, teklipleri bermäge, öz garaýyşlaryny beýan etmäge;
  • Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň maslahatlarynda we gurultaýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet berkararlygyny üpjün etmek, adalatly, parasatly, öňdengörüjilikli we ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, maşgala agzybirligini, ýaşlaryň milli däp-dessurlary hormatlamak, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk syýasatyny, hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini hem-de ynsan mertebesini belende galdyrmaklygy göz öňünde tutýan wagyz-nesihatlary bilen, şeýle hem syýasy-jemgyýetçilik çagyryşlary bilen çykyş etmäge.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we onuň maşgala agzalary eldegrilmesizlik hukugyna eýedirler. Eldegrilmesizlik hukugy onuň eýeçiligine we maşgala agzalarynyň eýeçiliginde duran emläklere hem degişli bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň işini üpjün etmek döwletiň ygtyýarly edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Liderine gulluk, ýaşaýyş, durmuş, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk, şypahana we beýleki hyzmatlaryň edilmegi, şeýle hem maddy taýdan üpjünçiligi ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Liderine onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öz işini päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kanuny işine päsgelçilik berilmegi, onuň kemsidilmegi, abraýyna we mertebesine garşy hereket edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......