Elektromobiller dünýäniň awtoulag bazarynyň 10% -ini eýeledi

  • 21.01.2023 16:58
  • 10k+

2022-nji ýylyň dowamynda dünýäde 7,8 million töweregi elektrokar satyldy. Wall Street Journal gazetiniň hasaplamalaryna görä, bu tutuş bazaryň 10% töweregi - neşir muny rekord görkeziji diýip atlandyrýar. Elektrokarlaryň agramly bölegi Hytaýda satyldy we Tesla bu ugurda iň netijeli öndürijidir.

2022-nji ýylda dünýäde elektrokarlaryň meşhurlygy, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 68% ýokarlandy.
Batareýaly awtoulaglaryň satuwynyň takmynan üçden iki bölegi Hytaýyň paýyna düşýär, bu ýerde takmynan her bäşinji täze awtoulag elektrikli, Ýewropada bolsa diňe her onunjy ulag şeýledir. ABŞ-da elektrokarlaryň meşhurlygy hasam pes bolup, 2021-nji ýylda bu görkeziji 3,2% bolanam bolsa, olaryň paýyna 6% -denem az düşýär.
Dünýäniň elektromobil bazaryndaky öňdelikçileriň arasynda Tesla-dan başga-da hytaýlylaryň BYD we SAIC konsernleri agzalýar. Teslanyň hytaý bazarynda hem bardygyny we Şanhaýda uly zawodynyň ýerleşýändigini bellemelidiris.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......