«Mançester Siti» ýene-de dünýäniň iň girdejili kluby boldy

  • 20.01.2023 15:44
  • 19k+

«Mançester Siti» iňlis kluby 731 million ýewro girdejisi bilen, 2021/22 möwsümiň jemleri boýunça dünýäniň iň girdejili futbol klublarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Muny Deloitte tassyklaýar.

Şeýle hem ilkinji bäşlige Ispaniýanyň “Realy” (713,8 million), iňlis “Liwerpuly” (701,7 million) we “Mançester Ýunaýtedi” (688,6 million), Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” (654,2 million) girýär.
Şol bir wagtyň özünde “Liwerpul” iň oňat ösüşi görkezdi, ol geçen ýyl ýedinji ýerden ilkinji üçlüge geçip, birinji gezek “Mançester Ýunaýtedden” öňe geçdi. Klub oýnuň geçirilýän güni ilkinji gezek 100 million ýewrodan agdyryp girdeji gazandy diýip, Deloitte-niň hasabatynda aýdylýar.
Ilkinji 20-likde Angliýanyň premýer-ligasynyň wekilleriniň (11 klubyň) agdyklyk edýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde üç möwsümde ilkinji gezek ilkinji onluga üýtgeşmeler girdi: “Arsenal” “Ýuwentusy” on birinji orna geçirip, özi ilkinji onluga girdi.
2021/22 möwsüminde iň gowy 20 klubuň umumy girdejisi 9,2 milliard ýewro bolup, bu öňki möwsümiň görkezijisinden 13% köpdür. Ösüş COVID-19 pandemiýasy döwründen soň, janköýerleriň stadionlara gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklydyr.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......