Tatarystan Türkmenistanda Aurus awtomobillerini ýaýratmak isleýär

  • 20.01.2023 15:36
  • 68k+

Russiýa Aurus awtoulaglaryny türkmen bazarynda tanatmagy göz öňünde tutýar. Muny Rus-türkmen işewürler forumyna gatnaşýan Tatarystanyň wise-premýeri — Respublikanyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko habar berdi diýip, Interfaks ýetirýär.

"Irden bu ýere - foruma gelýärkäk, “Mersedesleriň” uzyn kerweni yzymyzdan ýetdi. Gidip barşyma öz ýanymdan “Näme üçin bular “Mersedes” münýärkäler?” diýip pikir edýärin. Aurus-yň hili has gowy ahyry, özem importyň ýerini doly tutup biljek, Türkmenistana dostlukly ýurt bolan Russiýada öndürilýär. Ol ep-esli derejede gowy. Özüm-ä Aurus-yň tarapdary" – diýip, Korobçenko belleýär. Onuň bu sözlerini Orient habar agentligi getirýär.

Ol Tatarystana gaýdyp baransoň, Aurus öndürýän kärhananyň ýolbaşçylary bilen gürleşjekdigini aýtdy.
Korobçenko: "Biziň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagymyz we olara ret edip bolmajak şeýle teklibi hödürlemegimiz gerek. Teklip ediljek biziň sedan klasly bronlanan we adaty Aurus awtoulaglarymyz bolar" - diýdi.

"Respublika indi täze Aurus “Komendant” ulaglaryny öndürip başlady, 28-nji fewralda Tatarystanda bu jipleriň tanyşdyrylyşy bolar" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aurus brendi "NAMI" Federal döwlet unitar kärhanasy tarapyndan 2012-nji ýyldan bäri döwletiň birinji ýolbaşçy adamlary üçin görnükli awtoulaglary döretmek taslamasy esasynda döredildi. Taslama "Ýeke-täk modul platformasy" diýlip atlandyryldy we soňra "Kortež" taslamasy hökmünde tanaldy. 2016-njy ýyldan bäri NAMI öz güýji bilen Aurus ulaglarynyň kiçi göwrümli önümçiligini alyp barýar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......