Fewralyň birinji ýarymynda Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler

  • 20.01.2023 08:57
  • 9.5k+

2023-nji ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin görülýän taýýarlyk barada wise-premýer M.Mämmedowa penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Eýranyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......