iOS 17 täzelenmesini aljak iPhone modelleri aýdyldy

  • 19.01.2023 08:20
  • 19k+

Apple kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynda WWDC-ni döredijileriň konferensiýasynda iOS 17 operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny hödürlär. Phone Arena neşiri çak edilýän täzelikler barada gürrüň berdi, şeýle hem döwrebaplaşdyrylan programma üpjünçiligini aljak gurluşlaryň sanawyny düzdi.

Deslapky maglumatlara görä, iMessage iOS 17-den başlap düýbünden täzeden işlener, şeýle hem ekrandaky nyşan arkaly dürli funksiýalary çalt işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän täze interaktiw gurallar bolar. Mundan başga-da, Apple Music markaly aýdym-saz goşundysy hasam kämilleşer. Netijede, döredijiler tutuş ulgamyň durnuklylygyny we umumy akgynlylygyny ep-esli ýokarlandyrmalydyrlar.
iPhone smartfonunyň 2018-nji ýyldan soň goýberilen ähli modelleriniň iOS 17 goldawyny almagyna garaşylýar. Şeýlelikde, gürrüň şu aşakdaky gurluşlar barada gidýär:

  • iPhone XS we iPhone XS Max;
  • iPhone XR;
  • iPhone 11, iPhone 11 Pro we Pro Max;
  • iPhone 12 mini, iPhone 12, iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max;
  • iPhone 13 mini, iPhone 13, iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max;
  • iPhone 14, iPhone 14 Plus, iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max.

Mundan başga-da, iOS 17 operasiýa ulgamy Apple-iň indiki nesliniň smartfonlarynda - adatça sentýabr aýynda ilkinji gezek çykjak iPhone 15 -de gurlar. Modeliň “köne” wersiýalary düýbünden täze A17 Bionic çipini alar, bu bolsa tutuş ulgamyň tizligini ep-esli ýokarlandyrar we energiýa sarp edilişini azaldar.


03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.9k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....