Dünýäniň iň garry adamy aradan çykdy

  • 18.01.2023 15:30
  • 75k+

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy, Andre ady bilen has gowy tanalýan Lýusil Rendon 118 ýaşynyň içinde aradan çykdy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Ol 1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda Fransiýanyň günortasynda dünýä indi. Şeýlelik bilen, Andre 119 ýaşynyň dolmagyna 25 gün galanda dünýäden ötdi.
Geçen ýylyň aprel aýynda bu fransuz zenanynyň doglanyna 118 ýyl 73 gün bolanda ony dünýäniň iň garry ýaşaýjysy diýip ykrar etdiler. Andre dokuz aý töweregi wagt bäri bu statusa eýe bolup gelýärdi. Ozal dünýädäki iň garry adam 119 ýaşynda aradan çykan ýapon Kane Tanaka hasaplanýardy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň wersiýasy boýunça, fransiýaly Luiza Kalman (1875-1997) ýer ýüzünde iň uzak - 122 ýyl ýaşady. Erkekleriň arasynda aşa uzak ýaşan ýaponiýaly Jiroemon Kimuradyr (1897-2013) - 116 ýaş.


düýn 20:16
3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
7.4k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......