Ford elektromobil öndürmekde Volkswagen-e garaşlylygyny kemeltmek isleýär

  • 18.01.2023 12:20
  • 14k+

Ford kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryna goýberiljek elektromobilleriň indiki neslini döretmekde Volkswagen awtokonserniniň tehnologiýasyna garaşlylygyny kemeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Financial Times habar berdi diýip, TASS habar berdi.

Ford-yň ýewropa bölüminiň başlygy Martin Sanderiň sözlerine görä, kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap öz tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna awtoulag öndürmäge başlamagy göz öňünde tutýar. Täze ulgam "örän oňaýly we kuwwatly" bolar we Volkswagen bilen hiç hili baglanyşygy bolmaz. Şol bir wagtyň özünde, Ford beýleki kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýalary ulanyp, geljekki elektrik ulaglaryny öndürmegiň üstünde işlemek üçin hem açykdyr.
Şeýle-de bolsa, Financial Times gazetiniň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylda we indiki ýyllarda ABŞ-nyň awtoulag öndürijisi Forduň Kölndäki zawodynda ýygnalan, nemes öndürijisiniň akkumulýatorlary bilen Volkswagen MEB (Modular  electric-drive toolkit) platformasy esasynda iki sany elektromobili öndürmäge taýynlanýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......