Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 18.01.2023 09:13
  • 30k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 17-nji ýanwarda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurduň Liderleri türkmen-russiýa strategiki hyzmatdaşlygynda gazanylan sepgitlere ýokary baha berip, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda aýdylýar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn ünsi çekdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......