Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana geler

  • 17.01.2023 08:31
  • 18k+

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabatda gelmegi meýilleşdirýär. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-russiýa işewürler forumyna gatnaşjak wekiliýete ýolbaşçylyk eder diýip, sng.fm habar berýär.

Forumyň çäklerinde işewür geňeşleriň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Ulag we logistika, bilim, senagat, sanly ulgam we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy bolar.
Işewürler forumynyň birinji gününde pudaklaýyn B2B duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Şeýle hem forumyň geçirilýän günlerinde türkmen paýtagtynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy we «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....