Forbes 2022-nji ýylda iň uly ýitgi çeken 5 milliarderi belli etdi

  • 07.01.2023 11:46
  • 20k+

“Forbes”amerikan žurnalynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda bäş milliarder – Tesla-nyň ýolbaşçysy we SpaceX kompaniýasynyň baş inženeri Ilon Mask, Amazon internet kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, Meta kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Mark Sukerberg, Google Alphabet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Larri Peýj we Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin – rekord derejede pul mukdaryny ýitirdi. Ýagny, olaryň ýitgisi umumylykda 378 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Olaryň arasynda Mask has köp ýitgi çekdi – 125 mlrd dollar. Geçen ýyl telekeçiniň kapitalynyň esasyny düzýän Tesla-nyň paýnamalary Twitter sosial ulgamynyň satyn alnandygy yglan edilenden soň 65% pese gaçdy.
Jeff Bezos Amazon-yň paýnamalarynyň bahasynyň 50% pese gaçmagy netijesinde 2022-nji ýylda 85 mlrd dollar ýitirdi. Mark Sukerberg 77 mlrd dollar ýitirdi, sebäbi Meta-nyň paýnamalarynyň bahasy maýadarlaryň kompaniýanyň metaälemi döretmek bilen bagly meýilnamalaryna şübhe bildirmekleri sebäpli bir ýylyň dowamynda 64% arzanlady.
Dördünji we bäşinji orunlarda, degişlilikde, Larri Peýj we Sergeý Brin ýerleşdi. Olaryň birinjisi 46 mlrd dollar, ikinjisi 45 mlrd dollar ýitgi çekdi. Alphabet kompaniýasynyň paýnamalary IT bazarynyň umumy peselmegi bilen 2021-nji ýylyň ahyryndan bäri 39% pese gaçdy.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......