Aşgabatdan Sarahsa we Arçmana täze awtobus gatnawlary açyldy

  • 06.01.2023 18:16
  • 23k+

9-njy ýanwarda Türkmenistanda Aşgabat — Sarahs — Aşgabat hem-de Aşgabat — Arçman — Aşgabat ugurlary boýunça iki sany täze şäherara awtobus gatnawy açylar diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Aşgabat - Sarahs ugry boýunça gatnawyň peteginiň bahasy — 35 manat, Aşgabat — Arçman gatnawynyň bahasy — 15 manat.
Awtobuslar şu tertip boýunça hereket ederler:

  • Aşgabatdan Sarahsa ugraýan wagty — 09:30,
  • Sarahsdan Aşgabada ugraýan wagty — 07:00,
  • Aşgabatdan Arçmana ugraýan wagty — 07:00 we 12:30,
  • Arçmandan Aşgabada ugraýan wagty — 09:30 we 15:20.

şu gün 14:06
4.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

şu gün 07:37
3.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 10:55
6.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....