Hyundai, Kia, BYD we Polestar, awtoulaglarynda wideooýunlar peýda bolar ýaly Nvidia bilen bileleşýärler

  • 05.01.2023 16:18
  • 15k+

Koreýanyň Hyundai-Kia bileleşigi we Polestar kompaniýasy Nvidia kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Onuň çäklerinde bu kompaniýalar «bulut» oýun hyzmatyna girip bilerler. Bu agzalan brendleriň ýolagçylaryna gös-göni bortdaky media ulgamlarda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer.

GeForce Now hyzmaty ykjam internet arkaly üpjün ediler. Öňde oturan ýolagçylar, ulag hereketde däl wagty — duralgada durka ýa-da batareýalar zarýad alýan wagty geýmpadlary we media ulgamyň merkezi displeýini ulanyp oýnap bilerler. Yzky ýolagçylar üçin beýle çäklendirme bolmaz: yzda oturanlaryň ulag hereketde wagty hem, öz media ekranlary bolan ýagdaýynda, oýun oýnamaga mümkinçiligi bolar.
Bulut hyzmatynyň müşderisi Android media ulgamlarynda ýa-da brauzer arkaly goşundy hökmünde işleýär. GeForce Now size, “Wedmaka 3” we Cyberpunk 2077 ýaly iň meşhur relizleri öz içine almak bilen, müňden gowrak wideo oýunlaryna girmäge mümkinçilik berer.
Seriýalaýyn awtoulaglarda oýunlara haçan girip boljakdygy takyk aýdylmaýar. Şeýle-de bolsa, Hyundai, Kia, Genesis, Polestar we BYD markalarynyň eýýäm Nvidia Drive sanly ekoulgamynyň agzalarydygyny Nvidiada bellediler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......