BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl bäş sany täze agzasy öz işine girişdi

  • 05.01.2023 07:36
  • 6.8k+

Bäş ýurt - Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şweýsariýa - sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişdi. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Olaryň ikiýyllyk ygtyýarlyk möhleti resmi taýdan 1-nji ýanwardan başlady, ýöne ilkinji iş güni sişenbe güni, 3-nji ýanwarda başlady.
Olaryň işe girişmekleri mynasybetli 2018-nji ýylda Gazagystan tarapyndan başlanan baýdak dikmek dabarasy geçirildi.
Gazagystanyň BMG-däki hemişelik wekili Akan Rahmetullin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl täze bäş agzasynyň global parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meselelerine ünsi gönükdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

"Biz täze ýyla başladyk, ýöne global ýagdaýyň henizem dowam edýän dawalardan we ynsanperwer betbagtçylyklardan başlap, howanyň üýtgemeginiň we pandemiýanyň ýaramaz netijelerine çenli köp sanly kynçylyklar we çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdyňdyr" - diýip, ol belleýär.

Onuň aýdyşy ýaly, bu möhüm meseleleriň çözgüdi hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy, şeýle-de BMG-niň ähli agza döwletleriniň ygrarlylygyny talap edýär.
Saýlanan bäş ýurt Hindistanyň, Irlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň ornuny çalyşdy.
Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine hemişelik bäş agza we iki ýyl möhlet bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan saýlanýan hemişelik däl 10 agza girýär. Hemişelik däl bäş agza her ýyl çalşylýar.
Albaniýa, Braziliýa, Gabon, Gana we BAE hemişelik däl agzalar hökmünde özleriniň ikiýyllyk möhletiniň ortasyndadyr.


19.06.2026 19:30
3.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......