Serdar Berdimuhamedow baýram günlerinde nobatçylygy talabalaýyk guramagy tabşyrdy

  • 30.12.2022 09:05
  • 35k+

29-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýylyň baýram edilýän günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylyk bellenmelidir, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy, suw üpjünçiligi gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň takyk, bökdençsiz işlemegini guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede bellär ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......