Aşgabadyň günbatarynda täze ýaşaýyş toplumy açyldy

  • 29.12.2022 07:07
  • 33k+

28-nji dekabrda Aşgabadyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu ýerde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si guruldy. Olar 3064 maşgala üçin niýetlenendir.
Toplumyň çäginde şeýle hem 320 orunlyk umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy, bazar we zerur bolan beýleki medeni-durmuş düzümleri, ýokary derejede enjamlaşdyrylan oýun we sport meýdançalary bar. Täze ýaşaýyş toplumynda Ulag ýollary, yşyklandyryş ulgamy çekildi, ýaş bag nahallary, dürli güller ekildi, gök zolaklar döredildi.
Täze ýaşaýyş toplumynda şeýle hem «Abadançylyk» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. Bu ýerde söwda zallarynyň 5-si, restoran, toý mekany, çaýhana we beýlekiler bar.
Dabaranyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow şanly waka mynasybetli bu ýerde guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olary Täze ýyl baýramy bilen gutlady we diplomatlara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Belläp geçsek, paýtagtymyzyň günbatarynda döwrebap binalar toplumynyň düýbi 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda tutuldy.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....